Täzelikler



Назад
30.04.2025
Türkmenistan parahatçylykgyň we ynanyşmagyň Watany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň her bir güni beýik özgertmelere, belent ösüşlere, taryhy we şanly wakalara beslenip, barha öňe barýar.
Baş arhiw müdirliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Çykyş edenler, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigini belläp, ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýandygyny aýtdylar. Bu başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletara gatnaşyklarda öňe sürlen başlangyjyň dowamydyr.
Şeýle-de maslahata gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara tüys ýürekden guwanýandyklaryny hem-de buýsanýandyklaryny bellediler. Maslahatyň dowamynda halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.