Täzelikler

Назад

18.03.2026

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde okuw seminary geçirildi

Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň arhiwçileriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde okuw seminary geçirildi.

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň arhiwçileriniň hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen usuly we amaly maslahatlar berildi. Maslahatyň dowamynda ýerlerde iş dolandyryşy guramak, işleri emele getirmek, işleriň at ýazgysyny düzmek, pudaklaýyn arhiwlerde resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek we tertipleşdirmek boýunça ikitaraplaýyn pikir alşyldy. Hünärmenler okuw maslahata gatnaşyjylary döwlet arhiwine gelip gowşan resminamalara dezinfeksiýa işiniň geçirilişi şeýle hem geçirilýän dikeldiş işleri bilen tanyşdyrdylar.

Pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň arhiwçileri beren maslahatlary üçin Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.