Täzelikler

Назад

16.03.2026

ARKADAG ŞÄHERINIŇ DÖWLET ARHIWINDE OKUW SEMINARY GEÇIRILDI

Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň gatnaşmagynda “Edara-kärhanalarda iş dolandyryşy alyp barmagyň düzgünleri” atly okuw-seminary geçirildi.

Seminarda “Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde iş dolandyryşy guramak we alyp barmak boýunça Düzgünnama” bilen tanyşdyryldy we edara-kärhanalarda iş dolandyryşy guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça  kadalaşdyryjy hukuk namalar, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan usuly gözükdirmeler, düzgünnamalar, kadalar, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanaw bilen hem tanyşdyryldy.