Täzelikler
Назад
12.08.2026
Resminamalaryň ýyrtylan burçuny we gyrasyny dikeltmek. Resminamanyň kesilen bölegini dikeltmek.
Merkezi barlaghananyň işgärleri tarapyndan “Resminamalaryň ýyrtylan burçuny we gyrasyny dikeltmek. Resminamanyň kesilen bölegini dikeltmek” atly tema boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapagy geçirildi.
Kagyzyň ýyrtylan burçuny dikeltmek elementleri takyk birleşdirmegi, degişli serişdeleri saýlamagy we howpsuz ýelim ulanmagy talap edýär.
Resminamanyň ýyrtylan, ýöne ýitirilmedik bölegi pes galyňlykdaky kondensator ýa-da mikalent kagyzynyň kömegi bilen “sepleşdirmek” usuly arkaly dikeldilýär. Şeýlelikde, iki taraply teksti bolan resminamalaryň islendik ýeri (burçlarlary, gyralarary we ş.m.) dikeldilip bilner.
Ýyrtylan ýeri hapa we reňklerden arassalanýar. Onuň kesilen we ýiten gyrasy reňki hem-de galyňlygy boýunça gabat gelýän kagyz bilen dikeldilýär we iki taraplaýyn kondensator ýa-da mikalent kagyzynyň kömegi bilen berkidilýär. Bu işde diňe ýörite dikeldiş ýelimi ulanylýar, onuň artykmaçlygy bolsa süzgüç kagyz arkaly aýrylýar.
Dikeldiş işleri tamamlanandan soň, resminamalaryň sahypasy süzgüç kagyzynyň iki gatynyň arasynda ýerleşdirilýär we basyşyň astynda goýulýar.