Täzelikler

Назад

17.08.2026

Döwlet arhiwlerinde edara-guramalaryň hünärmenleri üçin okuw maslahatlary we seminarlar geçirildi

Arhiw işini kämilleşdirmek, iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramagy döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurduň döwlet arhiwleri tarapyndan resminamalaryň talabalaýyk saklanylyşyny guramak we üpjün etmek maksady bilen, edara-kärhanalaryň hünärmenleri üçin birnäçe ylmy-amaly maslahatlar we seminarlar geçirildi. Bu çäreler Aşgabat şäheriniň, Ahal we Lebap welaýatlarynyň döwlet arhiwleri tarapyndan guralyp, olaryň esasy maksady resminamalar bilen işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan hem-de täze kadalyşdyryjy-hukuk namalaryň talaplaryny düşündirmekden ybarat boldy.

Geçirilen okuw seminarlarynyň dowamynda resminamalaryň ylmy-tehniki taýdan işlenilmegine we olaryň resmileşdirilmegine, gymmatlylygynyň seljermesini geçirmeklige hem-de arhiw talaplaryna laýyklykda aýawhanalarda dogry ýerleşdirilmeginiň usullaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem, gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlerip taýýarlanylan “Türkmenistanyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde iş dolandyryş guramak we alyp barmak boýunça düzgünnama”, esasy kadalar we arhiw işini ösdürmek boýunça kanunçylyk-hukuk namalary düşündirildi.

Okuwyň çäklerinde, hünärmenler tarapyndan diňe bir nazary däl, eýsem amaly çäreler hem guraldy. Hünärmenler resminamalaryň saklanylyşyny üpjün etmegiň tehniki aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar, şol sanda resminamalary zyýansyzlandyrmak (dezinfeksiýa etmek) üçin niýetlenen  otaglardaky işler we iş bukjalarynyň sözbaşylaryny düzmek ýaly amalyýetleri öwrendiler. Seminarlara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň kärhanalarynyň, şol sanda ulag we ýaşaýyş-jaý jemagat hojalygy ulgamlaryna degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyklaryň soňunda gatnaşyjylar okuw maslahatlarynyň ýokary derejede guralandygy we anyk usuly maslahatlaryň berlendigi üçin döwlet arhiwleriniň hünärmenlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.