Täzelikler

Назад

23.05.2025

TÜRKMEN HALY SUNGATYNY ÖWRENMEKDE GYMMATLY ÇEŞME

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen Türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyňgörnükli nusgalarynyň sanawyna girizilip, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde, dünýädäki meşhurlygyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda uly tagallalar edilýär. Gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gözläp tapmak, gorap saklamak we dikeltmek boýunça möhüm oşler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda täze, çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurlup işe girizilmegi, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriniň döredilmegi, ussat halyçylarymyzyň halal zähmetine belent sarpa goýlup, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi çeşmelere ýüzlenip, halkymyzyň etnografiýasyny seljermek möhüm ylmy wezipeleriň biri bolup durýar. Halkymyzyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygyna bagyşlap ýazan  “Janly rowaýat”       eseri alty bölümden ybarat bolup, türkmen halyçylyk sungatyny öwrenmekde möhüm çeşmedir, onuň etnografik  ylmy ähmiýeti juda ýokarydyr. Kitapda türkmen halysynyň däp bolan aýratynlyklary, onuň bilen bagly dessurlar, nagyşlaryň aňladýan manylary, reňkleriň saýlanyp alynmagynyň gadymy we döwrebap özboluşlygy, häzirki döwrüň haly sungatynda döredilen dizaýn täzeçillikleri ýaly meselelere seredilýär we bu babatda möhüm etnomedeni netijelere gelinýär. 

Türkmen halysynyň mahmaly ýadyňa salýan hili, durky, reňkleri bardyr. Bu reňkleriň tebilygyny üpjün edýän endemik, ýagny diňe türkmen topragynda bitýän ot-çöpleriň berýändigi kitapda bellenilýär. Bu ot-çöpleri işlemekde ene-mamalarymyz gadymy däp bolan tehnologik tilsimleri ulanypdyrlar. Türkmenistanyň ýerlerinde eýýäm gadymyýetde baý çeperçilik tejribeleri esaslanypdyr, nepis we özboluşly sungat döräpdir. Halyda türkmenleriň irki oturymly köklerini görkezýän şekiliniň bardygyny hormatly Prezidentimiz tassyklaýar: “Ýöne türkmen halylarynyň merkezi böleginde, adatça, romb görnüşli dörtburç göller bardyr we olar ekin meýdanlaryny-ýeriň bereketini, zähmetsöýerligi we galkynyşy alamatlandyrýar”. Bu netije türkmen etnologiýa ylmy, sungaty öwreniş ylmy üçin iňňän wajypdyr. Köpsanly etnografik, sungaty öwreniş ylmy işlerinde türkmen halysynyň diňe çarwa gurşaw bilen baglanyşyklydygy tekrarlandy. Ýöne bu tassyklamalaryň hakykata doly gabat gelmeýändigini bellemelidir. Halynyň çig maly (goýun ýüňi, ýüplükler) maldarçylyk hojalygynda önýän hem bolsa, türkmen halysynyň dokalyş tehnologiýasy köp babatda oturymly medeniýeti talap edipdir.

Bürünç asyryna degişli Günorta Türkmenistanyň Änew medeniýeti (b.e.öň IV-III müňýyllyklar), Demirgazyk Türkmenistanyň taryhda andronow adyny alan medeniýeti (b.e.öň III müňýyllyk) şekillendiriş sungatynyň baý nusgalaryny dünýä aýan etdiler.  Türkmen halkynyň halyçylyk sungatynda zoomorf we ösümlik kökleri bolan geometrik häsiýetli nagyşlary şol gadymy medeniýetlerden gözbaş alýandygyny halyşynaslar belleýärler. Bu nagyşlaryň gadymy keramikanyň nagyşlary bilen umulylygy bardyr. Haly göllerine gadymy ýadygärliklerde, binagärlik bezeglerinde görülen owadan nagyşlaryň esas berendigi, Gündogar Türkmenistanyň haly çuwallarynda ulanýan “hal ýaran” nagşynyň hem şeýle kökleriniň bardygy barada etnografik maglumatlar bar. Şeýlelikde, haly nagyşlarynyň oturymly medeniýete mahsus şekillerinden-binagärlik bezeglerinden, keramika nagyşlaryndan, ösümlik dünýäsinden, ekerançylyk ýörelgelerinden gözbaş alandygyny görmek bolýar. “Janly rowaýat” kitabynda häzirki döwre çenli türkmen halysynyň dörän gurşawy (çarwa ýa-da ourymly) barada ylymda açyk bolan soraga anyk jogaby alýarys.

Türkmen halysyna mahsus bolan reňkler kitapda täze röwüşde-lukmançylyk nukdaýnazaryndan seljerilýändigi gyzyklydyr. Gölleriň reňkleriniň sanardan köpdügi, olaryň biriniň köşeşdirýändigi, beýlekileriň synçylygy oýarýanlygy, başga birlerinde owaz, toý-baýram, dabara şekiliniň, käbiriniň bilesigeljiligi, göz öňünde getirmeleri güýçlendirýändigi bellenilýär. Türkmen halysynyň reňkleriniň, nagyşlarynyň diňe bir gözellik, oňaýlylyk, göze gelüwlik ýaly häsiýetlerinden ötri saglyga, gözýetime peýdaly duýgulary berýändigi aýratyn bellärliklidir. Şeýle oňyn duýgulary berýän haly önümi hemişe ynsanyň ýanynda, öýünde bolmaklygy psihologik saglygy, rahatlygy we belent ruhy duýgularyny beripdir. Türkmen halysynyň şu taraplarynyň hem öwrenilmeginiň gerekdigini “Janly rowaýat” kitaby görkezýär. 

Eserde halynyň reňkleri barada etnografik nukdaýnazardan hem gyzykly netijelere gelinýär.  Göze dürtülip durmaýan tekiz reňkleriň sazlaşygy, olaryň türkmen öýüne aýratyn görk berýändigi aýdylýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň häzirki dil bilen aýdylanda, dogabitdi dizaýnerler bolandygy, amatly saýlanyp alnan çitimleriň öýüň diwarlaryny giňeldip görkezýändigi barada bellenilýär. Öýüň diwarlaryny özboluşly giňeltmek üçin dünýäniň halklarynda dürli serişdeler ulanylypdyr: ýaponlarda otaglaryň agaç gapylary ýörite usulda diwaryň içine girýärler, şeýdip gerek halatynda birnäçe kiçi otagy ýa-da bir, ýöne giň otagy emele getirýär. Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň agaç şahalaryndan gurlan jaýlarynda pessejik mebeller goýulýar, bu hem otaglaryň has giň görünmegine täsir edýär. Türkmen halysynyň reňkleriniň, onuň ölçegleriniň saýlanyp alynmagynda jaýyň içiniň has amatly görünmegi baradaky düşünje möhüm bolupdyr. Şeýle-de, jaýyň pagsa diwarlarynyň, ak öýüň agaç gözenekleriniň melewşe reňkine halynyň gyzyl reňki aýratyn owadanlyk, sazlaşyk beripdir. Etnograf A.Öräýewiň bellemegine görä, türkmen haly-palaslarynda gyrmyzy we ýaşyl reňkleriniň agdaklyk etmegi türkmen sährasynda hökmürowanlyk edýän sary, gök, ak reňklere meňzeş bolmazlygy bilen düşündirmek hem bolar.

Gahryman Arkadagymyz “Janly rowaýat” kitabynda türkmen halysynyň kompozisiýasy barada möhüm netijelere gelýär. Ýagny, halyçylar ähli nagyşlary we ähli sýužet ýordumlaryny ýatdan bilipdirler, olarda hiç hili eskiz bolmandyr. Bu bolsa türkmen zenanlaryna gözellik duýgularynyň ýokary derejesiniň mahsus bolandygyny görkezýär. Türkmenistana ХIХ asyryň ahyrlarynda - ХХ asyryň başlarynda gelen ýewropa syýahatçylaryny türkmen zenanlarynyň takyk geometrik nagyşlary halyda döredýändikleri haýran galdyrypdyr. “Abraýly ylmy işlerde halynyň ýeňil bolmadyk dili-iýeroglifler we piktogrammalar, olaryň üýtgeşik manylary, miflere we rowaýatlara, doga-tumarlara siňip giden syrlary öwrenilýär. Bize bolsa bu ajaýyp döredijilige guwanaýmak galýar” diýilip, “Janly rowaýatda” bellenilýär.

Eserde halylara nagyş salmagyň tehniki usullarynyň, reňkleriniň köpdürliligi, çitimleriň adatylygy halkyň gelip çykyşy, etniki ýagdaýlar, obrazly we grafiki çözgütleriň tapylmagynda geografiki, klimat-howa şertleriniň uly rol oýnandygy dogrusynda ýazylýar. Hususan-da, halkyň maddy medeniýetiniň (ýaşaýyş jaýlar, milli egin-eşikler, tagamlar, senetçilik önümleri we ş.m.) ilki bilen geografik gurşawyň, klimat-howa şertleriniň täsir etmeginde esalanýandygy baradaky etnologik düşünjäniň türkmen halysynyň mysalynda hem dogrudygy ýüze çykarylýar.

Ajaýyp kitapda türkmen halyçylyk sungatynyň gadymy kökleri barada söhbet edilýär. Türkmen halysy diňe bir asyl durkuny müňýyllyklaryň dowamynda saklaman, eýsem, oňa mahsus bolan ähli häsiýetli aýratynlyklary hem saklapdyr. Şu günki döwürde hem ýokary sungat derejesinde ösýän haly sungaty dürli haly önümlerinde öz beýanyny tapýar. Haly portretler, haly çeperçilik suratlar, dürli dizaýn önümleri (el torbalar, telefon asty halyçalar, öýjükli telefonlar üçin gapjagazlar, gapçyklar, hatda milli zenan köýnekleriň ýakalary) muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen halysynyň ýeke-täkligini (unikallygyny) düzýän hiç bir tarapy asyrlaryň dowamynda ýitirilmedi, bu halynyň dokalyş usullaryna, çitimlerine, reňklerine, tehnologik aýratynlyklaryna (ýüplükleriň saýlanylyşy, reňklenilişi we ş.m.), hatda zähmet gurallaryna hem degişlidir. Bularyň hemmesiniň kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaşyny alýar we halkyň öz amaly-haşam sungatyna çäksiz söýgisinden habar berýär. Türkmenler öz maddy-ruhy medeniýetini aýawly saklapdyrlar. Bu şeýlede, däp-dessurlara, halk döredijiligine, türkmeniň milli häsiýetini düzýän ahlak gymmatlyklaryna hem doly derejede degişlidir.

Kitapda ilkinji halylaryň ösümliklerden, agaçlaryň gabygyndan ýasalandygy, soň-soňlar el bilen ýüň egrip, ýüplük etmegi ata-babalarymyzyň öwrenendigi barada bellenilýär. Etnograflar köp halklarda protohalylaryň ösümliklerden örülen düşekçeleriň bolandygy, protomatalaryň (meselem, Okeaniýanyň halkalarynda “tapa”) agaç gabyklaryndan bolandygyny çak edýärler. “Janly rowaýatda” türkmen haly nagyşlarynyň keramika nagyşlary bilen berk baglanyşygynyň bardygy görkezilýär. Kaka şäherçesiniň ýanyndaky mis-daş asyryna degişli Ýassydepede ybadathananyň üstüni açyp, onuň diwaryna çekilen, halynyň ritminde gaýtalanýan gara hem gyzyl romblara gabat gelnipdir. Bu bolsa diwara çekilen halydygy baradaky netijä gelinýär. Şekiller b. e. öňki IV asyr bilen senelenýär we ol Jeýtun medeniýetinden has irki döwürlere degişlidir. Türkmen halysynyň gadymy köklerini görkezmekde Gahryman Arkadagymyz Altyndepede, Ýassydepede, Änewde, Ýylgynlydepede, Ulugdepede, Sumbarda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanýar. Etnografik barlaglar arheologik maglumatlary bilen üsti ýetirilende, ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Nusaýda italýan arheologlary tarapyndan geçirilen barlaglary esasynda “Gyzyl otag” adyny alan otagyň üsti açyldy. Bu otag onuň diwarlarynyň gyzyl reňke boýalandygy we özboluşly aýlaw nagyşlar bilen “jähek” çekilendigi üçin şeýle atlandyrylypdyr. Diwara göýä gyzyl haly asylan ýaly bolup dur we gyzyl reňkiň durky solmandyr diýen ýaly. Bu maglumatlaryň hemmesi türkmenlerde oturymly medeniýetiniň gadymyýetde esaslanandygy, ata-babalarymyzyň öýüň içki gurluşyna-interýerine şol irki döwürlerde-de üns berendikleri, haly sungatynyň halkymyzda irki döwürlerden gözbaşyny alýandygyny görkezýär.

“Janly rowaýatda” ýene-de bir “asyr sowalyna” anyk jogap orta atylýar, ol hem Pazyryk halysy bilen baglanyşykly. 1949-njy ýylda daglyk Altaýda buz içinde tapylan we b.e. öňki V asyr bilen senelenýän halynyň taryhyna ýüzlenilýär. Pazyryk halysyndaky reňkler, tehniki ýerine ýetirilişi, ýagny, syk dokalyşy türkmen halysyna meňzeýär.  Haly babatynda köp çaklamalar edildi. Gahryman Arkadagymyz bu türkmen halysynyň Altaýa nädip düşendigi barada ýazýar: biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllykda türkmenleriň gadymy ata-babalary (turan-dah-parfiýa taýpalary) häzirki Türkmenistanyň çäginden gündogara-Altaýa göç edip, özleri bilen ata Watandan halyny hem äkidipdirler. Bu ylmy netije türkmen etnologiýasy üçin iňňän möhümdir. 

Kitapda türkmen halylarynyň geometriki nagyşlaryndan başga, goýnuň, düýäniň, atyň, guşuň stilleşdirilen şekilleriniň bardygy barada söhbet edilýär. Mysal hökmünde Gaznawy dinastiýasynyň şalary üçin IХ-ХII asyrlarda dokalan seýrek nusgalarynda düýäniň, piliň şekilleriniň bardygy babatynda gyzykly netijä gelinýär. Bu sýužet türkmen dinastiýasynyň Hindistana ýörişi bilen baglaşdyrylýar. Türkmen haly nagyşlarynyň realistik düýp maýasy bolup, ol çuňňur many-mazmuna eýedir. Halyşynaslar olaryň gadymy ynançlar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Türkmen halysy reňkleriniň sazlaşygy, sykylygy, berkligi bilen tapawutlanyp, islendik öý interýerini bezäp bilýändigi “Janly rowaýatda” orta asyr we ondan soňky döwürleriň ýewropa suratkeşleriň suratlary arkaly görkezilýär: “Gurluşykçy-dekoratorlar ýaly, halyçylar-da konstruktiw esasy we fuhksionallygy ajaýyp çitimler hem nagyşlar bilen ussalarça baglanyşdyrypdyrlar”. Şonuň üçin hem şu günlerimizde hem dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen halysy öý interýeriň arzyly bezegi bolmagynda galýar. Türkmen halysy islendik interýere gaýtalanmajak owadanlygy berýär. Bu onuň tebigy gözelliginden, asyl durkundan gelip çykýar. Tebigy gözellik bolsa gözelligiň aňrybaş derejesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” kitabynda haly barada köp sanly ylmy netijelere gelinýär we türkmen halysynyň heniz ylymda öwrenilmedik taraplary salgy berilýär: çeperçilik sungaty we haly; türkmen ýaşaýyş jaýynyň interýeri we haly; ýewropa interýeri we onda türkmen halysynyň orny; haly we binagärçilik; haly sungaty we türkmenleriň irki dinastiýalary; türkmenleriň gadymy ynançlary we olaryň halylarynda şekillendirilmegi. Ylmy kitap täze barlaglara we gözleglere ýol açanda, onuň ähmiýeti bimöçberdir. 

 

Bike Diwangulyýewa 

Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy, 

taryh ylymlarynyň kandidaty 

 

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2020-2021-nji ýyllar üçin 22-nji goýberiliş